Koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler alynýar

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1453375
Koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler alynýar

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 21 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 344 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 48  müň 813 adam testden geçirilip, ýene-de 1016 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1334 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 193 müň 217 adama ýetdi.



Degişli Habarlar