Türkiýäniň Döwlet Geňeşi Aýasofýanyň ybadata açylmagy barada karar berdi

Türkiýäniň Döwlet Geňeşiniň 10-njy otagy, Aýasofýanyň metjitden muzeýe öwrülmegi bilen baglanşykly Ministrler kabinetiniň mejlisiniň 1934-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul eden kararyny ýatyrdy

1452852
Türkiýäniň Döwlet Geňeşi Aýasofýanyň ybadata açylmagy barada karar berdi

Dowamly gaznalar, taryhy eserler we daşky gurşawa hyzmat jemgyýeti, Aýasofýanyň metjitden muzeýe öwrülmegi bilen baglanşykly Ministrler kabinetiniň mejlisiniň kararynyň ýatyrylmagyny isläp Döwlet Geňeşe ýüz tutdy. 

Delony gözden geçiren Döwlet Geňeş, 2-nji iýulda geçirilen kazyýet diňlenşiginde taraplary diňledi. 

Kazyýet diňlenşiginden soň delony gözden geçiren Döwlet geňeş karara geldi. 

Döwlet Geňeş, Aýasofýanyň metjitden muzeýe öwrülmegi bilen baglanşykly Ministrler kabinetiniň mejlisiniň 1934-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul eden kararyny ýatyrdy. 

Döwlet Geňeş, kabul edilen täze kararyň sebäbiniň Aýasofýanyň Fatih Soltan Mehmet Han gaznasyna degişlidigini, metjit hökmünde adamlaryň hyzmatyna açylmagydygyny beýan etdi. 

Aýasofýanyň mülke eýeçiligi görkezýan namasynda metjit hökmünde görkezilendigi, onuň bolsa üýtgedilmejekdigi bellenen sebäpde: "Gaznanyň resminamasyndaky metjitden daşary ulanylmagynyň we başga maksatlar bilen hyzmat bermeginiň hukuka ters gelýändigi barada netijä gelindi" diýip habar berildi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Farettin Altun, taryhy Aýasofýa kararyndan soň, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň şu gün sagat 20:53-de millete ýüzlenip çykyş etjekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar