Erdogan Srebrenitsa genosidiniň 25-nji ýylynda geçiriljek çärä wideo ýüzlenme bilen gatnaşar

Prezident Erdogan, Srebrenitsa genosidiniň 25-nji ýylynda geçiriljek hatyralama çäresine wideoýüzlenme arkaly gatnaşar

1451939
Erdogan Srebrenitsa genosidiniň 25-nji ýylynda geçiriljek çärä wideo ýüzlenme bilen gatnaşar

 

Prezident R. T. Erdogan, Bosniýa-Gersegowinada Srebrenitsa genosidiniň 25-nji ýylynda 11-nji iýulda şenbe güni geçiriljek hatyralama çäresine wideoýüzlenme arkaly gatnaşar.

Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowinadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haldun Koç, Srebrenitsa genosiniň 25-nji ýylynda, 1995-nji ýylyň iýul aýynda serp güýçleri tarapyndan öldürlen 8 müňden gowrak bosniýaly asuda ilatyň, koronawirus epidemiýasy sebäpli çäkli ýagdaýda geçiriljek hatyralama çäresi bilen hatyralanjakdygyny belledi.

Prezident Erdoganyň geçen ýyl Bosniýa-Gersegowina guran saparynyň çäginde gyrgynçygyň gurbanlarynyň Saraýewodan Potoçary gonamçylygyna jaýlanşygyna gatnaşandygyny ýatladan ilçi Koç “Şu ýyl bolsa Prezident Erdogan wideo ýüzlenmesini ugratdy. 11-nji iýulda Potoçari hatyralama merkezinde wideo ýüzlenmesi berler” diýdi.

Ilçi Koç, Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowinanyň galkynyşyna goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.



Degişli Habarlar