Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1451164
Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen maglumatda: "Tutanýerlilik bilen dowam etdirýän operasiýalarymyzyň netijesinde Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde anyklanan PKK-a agza 2 terrorçy, geçirilen howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz soňky terrorçy ýok edilýänçä çenli dowam eder" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýleki bir beýanatda bolsa, Siriýadaky Ýewfrat galkany operasiýasy sebitinde ÝPG/PKK-a agza 4 terrorçynyň, Zeýtun şahajygy operasiýasy sebitinde 3 terrorçynyň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

 


Etiketkalar: #PKK , #terrorçy , #Yrak

Degişli Habarlar