Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Izmir welaýatynda Gresiýanyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 65 bosgun halas edildi

1450290
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Izmiriň Karaburun etrabynyň suw giňişliginde 2 topardan ybarat bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda sebite giden Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen 36 bosguny halas etdiler. 

Aslan Burnu diýilýän ýeriň suw giňişliginde hem bosgunlaryň bardygy barada maglumat alan halas ediş toparlar, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan yzyna itilen çiýşirilen gaýykdaky 29 bosguny halas eitdiler. 

Bosgunlar deslapky işlerinden soň Welaýat Migrasiýa gullugyna gönükdirildi. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #bosgun

Degişli Habarlar