Erdogan: "Goýulýan maýalar gelejek nesillere miras galar" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, goýulýan maýalaryň gelejek nesillere miras galjakdygyny belledi

1449450
Erdogan: "Goýulýan maýalar gelejek nesillere miras galar" diýdi

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Energetika we tebigy serişdeler ministrligi tarapyndan düýn işledilmäge başlanan gidroelektrik desgasy barada maglumat berdi. 

11,3 milliard türk liralyk maýa goýum bilen ýurdyň 26 aýry şäherinde açylan 52 gidroelektrik desgasynyň 10 müňden gowrak adamy iş bilen üpjün edendigini aýdan Erdogan: "Bütin dünýäniň öz içine ýapylan bir döwürde maýalary, önümçiligi, täze iş orunlaryň döredilmegini goldap, alyp barýan oňyn syýasatymyz bilen epidemiýa boýun bolmandygymyzy görkezdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar