Türkiýe Serbiýa ikinji gezek lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

Türkiýe Kovid-19-a garşy göreşde dünýä ýurtlaryna lukmançylyk enjamlary kömegini bermäge dowam edýär

1448794
Türkiýe Serbiýa ikinji gezek lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

 

Türkiýe täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde dünýä ýurtlaryna lukmançylyk enjamlary kömegini bermäge dowam edýär.

Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunça, Türkiýe Kovid-19-a garşy alyp barýan göreşine goldaw bermek maskady bilen Serbiýa ikinji gezek lukmançylyk enjamy kömegini berdi.

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan lukançylyk enjamlary kömegi, Etimesgut harby howa menzilinden Türk ýaragly güýçlerine degişli A400 M kysymly harby ýük uçaryna ýüklendi.

Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde Serbiýa bilen birlikde 5 Balkan ýurduna, Prezident Erdoganyň tabşyrygy boýunça 2020-njy ýylyň 8-nji aprelinde hem lukmançylyk enjamlary kömegini beripdi.



Degişli Habarlar