Türkiýäniň Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 179 müň 492 adama ýetdi

1449024
Türkiýäniň Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 20 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 206 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 48 müň 248 adam testden geçirilip, ýene-de 1154 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1214  adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 179 müň 492 adama ýetdi.



Degişli Habarlar