Wanda täsirsiz ýagdaýa getirlen 3 terrorçynyň çal sanawda gözlenýän terrorçylardygy anyklanyldy

Terrorçylar bilen birlikde köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele geçirlendigi ýatladyldy

1447483
Wanda täsirsiz ýagdaýa getirlen 3 terrorçynyň çal sanawda gözlenýän terrorçylardygy anyklanyldy

 

Wan welaýatynyň Gürpynar etrabynda 29-njy iýunda täsirsiz ýagdaýa getirlen 3 terrorçynyň çal sanawda gözlenýän terrorçylardygy anyklanyldy.

Içeri işler ministrligi, Gürpynarda täsirsiz ýagdaýa getirlen 3 terrorçynyň, Başkalede 2015-2018-nji ýyllarda guralan gandöküşükli hüjümleriň jogapkärleridiginin we çal sanawda gözlenýändikleriniň anyklanylandygyny mälim etdi.

29-njy iýunda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň “Welat Malazgirt” lakamly Fyrat Göre, “Azat” lamakly Tahsin Genez we “Kendal” lakamly İlýas Durandygy anyklanyldy

Içeri işler ministrliginiň beýanatynda, terrorçylar bilen birlikde köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele geçirlendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar