Izmir welaýatynda 58 bosgun halas edildi

Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýatyň Migrasiýa edarasyna ugradyldy

1447481
Izmir welaýatynda 58 bosgun halas edildi

Izmir welaýatynyň Dikili etrabynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen 58 bosgun halas edildi.

Welaýatyň Dikili etrabynyň Bademli diýilýän ýeriň suw giňişliginde bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumat esasynda sebite gönükdirilen Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy ol ýerdäki 49 bosguny halas etdiler. 

Dikili etrabynyň Madra Çaýy diýilýän ýeriň suw giňişliginde agaç gaýykdaky başga bir bosgun toparyny halas etmäge giden Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan türk suw giňişligine itilen ýene-de 9 bosguny halas etdiler. 

Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýatyň Migrasiýa edarasyna ugradyldy. 



Degişli Habarlar