Çawuşogly we Ersoý Germaniýada saparda boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Germaniýanyň Türkiýe bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny gözden geçirmelidigini belledi

1447869
Çawuşogly we Ersoý Germaniýada saparda boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokary derejeli resmileri bilen birlikde Germaniýada iş saparynda bolýar. 

Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Berlinde nemes kärdeşi Heýko Maas bilen geçiren duşuşygyndan soň, bolan umumy metbugat ýygnagynda, saparynyň çäginde syýahatçylyk bilen baglanşykly meseleleriň ele alynandygyny, koronawirus epidemiýasy etaby bilen baglanşykly soňky görkezijileri söhbetdeşleri bilen paýlaşandygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň howpsyz we saglykly bir gurşawda Germaniýadan we beýleki ýurtlardan geljek myhmanlary kabul etmäge taýardygyny we ähli çäreleriň görülendigini belläp, ähli desgalaryň, howa menzilleriniň we ulaglar bilen birlikde ähli etabyň nemes firmalar tarapyndan tassyklanandygyny we gözegçiligiň hem şolar tarapyndan ýerine ýetirilýändigini mälim etdi. 

Çawuşogly: "Möhüm bolan zat Germaniýanyň syýahatçylyk duýduryşyny gözden geçirmegi. Obýektiw görkezijileriň çäginde gözden geçirmeli. Ähli bu syýahatçylyk duýduryşlaryna garamazdan Antalýa nemesler gelýärmi, hawa gelýär. Onuň sebäbi näme, Türkiýä ynam bilen garaýarlar" diýip nygtady. 

Türkiýäniň açyk we soňky görkezijileri her kim bilen paýlaşýandygyny aýdan Çawuşogly: "Ählimiz üçin iň möhüm bolan zat raýatlarymyzyň saglygydyr. Biz tarapdan Türkiýäniň raýaty bilen Germaniýanyň raýatynyň ýa-da başga bir ýurdyň raýatynyň arasynda hiç hili tapawut ýokdyr" diýip habar berdi. 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heýko Maas hem öz gezeginde Kovid-19 epidemiýasyna garşy görülen çäreler barasynda: "Şu gün türk tarapyndan ençeme maglumat aldyk. Bulary hem Saglygy goraýyş ministrligimiz hem-de Içeri işler ministrligimize bereris. Türkiýe bilen maglumat paýlanşygyny dowam etdireris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar