Türkiýe-Russiýa-Eýran sammiti öz işini tamamlady

Liderler sammitde, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy

1447074
Türkiýe-Russiýa-Eýran sammiti öz işini tamamlady

 

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirlen Türkiýe-Russiýa-Eýran sammiti öz işini tamamlady.

Astana formatynda 6-njysy geçirlen “Siriýa” temaly maslahata, Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

R. T. Erdogan sammitde eden çykyşynda “Türkiýe hökmünde dartgynlygyň başyndan bäri siriýaly doganlarymyza goldaw berdik. Diline, dinine we şahsyýetine garamazdan siriýaly millionlarça migranta gujak açdyk” diýdi

Siriýanyň terror guramalary arkaly bölünmezligi üçin ünsli çemeleşýändiklerini aýdan Prezident Erdogan  “Goňşymyz Siriýada gysga wagtda durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin elimizden geleni ederis. Astana etabynyň hemaýatkär ýurtlary hökmünde ediljek hyzmatdaşlyk şibhesiz Siriýanyň geljeginde uly rol oýnar” diýdi.

 Prezident Erdogan Türkiýäniň, Siriýanyň territorial bitewiligine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkiýe-Russiýa-Eýran sammitine gatnaşan liderler tarapyndan jemleýji jarnama kabul edildi.

Jemleýji jarnama görä, liderler sammitde, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

 Idlibde çaknyşyksyz zolakdaky soňky ýagdaý hem gün tertibine getirildi.

Liderler, goňşy ýurtlaryň milli howpsyzlyga abanýan howplara garşy berk tutum alyp barjakdyklaryny beýan etdi.

Siriýadaky dartgynlygyň siriýalylaryň öňbaşçylygynda, BMG-nyň ýolbaşçylygynda başladylan syýasy etaba laýyklykda çözülmeginin ähmiýetine üns çekildi.

Liderler, bosgunlaryň we Siriýada öýüni terk edenleriň, howpsyz we meýletin ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary üçin amatly şertiň döredilmegine ünsi çekdi.


Etiketkalar: #Siriýa , #Russiýa , #Eýran , #sammit

Degişli Habarlar