Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Liwiýa bardy

Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Adnan Özbal Liwiýa bardy

1446472
Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Liwiýa bardy

Adnan Özbal Liwiýa guran saparynyň çäginde ýurdyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Eş-Şerif bilen duşuşyk geçirdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň buýrugyna laýyklykda düýn Liwiýa baran Adnan Özbal, ýurdyň paýtagty Tripolide liwiýaly we türk resmiler tarapyndan garşylandy. 

Adnan Özbal, Liwiýanyň baş ştabynyň başlygy Şerif bilen Bu Sitte harby deňiz bazasynda duşuşyk geçirdi. 

Liwiýaly serkerdäniň Adnan Özbalyň saparyna hoşallyk bildirmeginden soň başlan duşuşyk, metbugat işgärlerine ýapyk häsýetde geçdi. 


Etiketkalar: #Liwiýa , #Adnan Özbal

Degişli Habarlar