Türkiýe, Yraga lukmançylyk enjamy kömegini berer

Epidemiýa Yraga ýaramaz täsirini ýetirýär

1445891
Türkiýe, Yraga lukmançylyk enjamy kömegini berer

 

Türkiýe, täze görnüş koronawirusa garşy göreşýän Yraga lukmançylyk enjamy kömegini berer.

Türkiýäniň Yrakdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyz, epidemiýanyň Yraga ýaramaz täsirini ýetirýändigine ünsi çekdi

Ilçi Fatih Ýyldyz “Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany gün saýyn köpelýär, saglygy goraýyş ulgamy uly kynçylygy başdan geçirýär. Halkyň we hassahanalaryň medisina enjamlaryny tapmakda kynçylyk çekýändigi görülýär” diýdi.

Ýurtda ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşýandygy sebäpli Yragyň Saglygy goraýyş we Daşky gurşaw ministrlikleriniň başda durmagynda yrakly ýolbaşçylaryň we Türkiýe bilen gatnaşyk edýän guramalaryň Türkiýeden, Yrakdaky ilçihanasy arkaly kömek sorandygyny aýdan ilçi Ýyldyz : “Prezident R. T. Erdogan hemişe bolşy ýaly, goňşymyz, dostumyz we doganymyz Yraga agyr günlerinde goldaw berýändigimizi görkezmelidigimizi nygtady we şol çäkde Yragyň Saglygy goraýyş we Daşky gurşaw ministrligine, Yrakda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri Kerkuk we Mosul welaýatlaryna kömek berilmegi üçin görkezme berdi” diýdi.

Yrakda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1839, hasaba alynanlaryň sany 47 müň 151 adama ýetdi.



Degişli Habarlar