Astana maslahaty ertir geçiriler

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň gatnaşmagyndaky Astana maslahaty wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçiriler

1446213
Astana maslahaty ertir geçiriler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani maslahatda Siriýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşarlar. 

Erdogan, Putin we Ruhani soňky gezek Ankaradaky maslahatda duşuşyk geçiripdiler. Geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen maslahatyň nobatdakysynyň mart aýynyň başynda Tähranda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi. Emma koronawirus epidemiýasy, maslahatyň Eýranda geçirilmegine mümkinçilik bermedi. 

Erdogan, Putin we Ruhani maslahaty wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirerler. Şeýlelik bilen Astana formatyndaky maslahatyň 6-njysy göni aragatnaşyk arkaly geçiriler. 

Liderler Siriýadaky syýasy geçiş etabyny gözden geçirerler, Konstitutsion komitediň işlerine ser salarlar. 

Idlib we Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky ýagdaý hem ara alynyp maslahatlaşylar. 



Degişli Habarlar