Türkiýe Yraga lukmançylyk enjam kömegini ugradar

Ibrahim Kalyn Türkiýäniň Yraga ugratjak lukmançylyk enjam kömegi bilen bagly beýanat berdi

1444788
Türkiýe Yraga lukmançylyk enjam kömegini ugradar

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Yragyň Türkmen frontynyň başlygy Erşat Salihiň sosial mediadan beren beýanatyna jogap berdi. 

Ibrahim Kalyn: "Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda lukmançylyk enjam kömegi taýarlanýar we ýakyn wagtda ugradylar. Türkiýe hemişe türkmen we yrakly doganlarynyň ýanyndadyr" diýip belledi. 

Erşat Salih sosial mediadan beren beýanatynda, Yrakdaky kowumdaşlaryny öz raýatlary ýaly görýän ähli Türkmen ili halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirip, Yragyň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde Türkiýeden ugradyljak lukmançylyk enjam kömekleriniň saýasynda, wirusa ýolugýan adamlaryň sanynda uly mukdarda peselişiň boljakdygyny beýan edipdi. 


Etiketkalar: #türkmen , #Yrak , #Erşat Salihi

Degişli Habarlar