Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda Ministrler kabinetiniň mejlisi geçirilýär

Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilýär

1445592
Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda Ministrler kabinetiniň mejlisi geçirilýär

Prezidentiň kompleksinde geçirilýän Ministrler kabinetiniň mejlisi Türkiýäniň wagty bilen sagat 15:15-de başlady. 

Maslahat koronawirus epidemiýasy etabyndan soň 2-nji gezek ýüz-ýüze geçirilýär. 

Maslahatda 1-nji iýundaky kadalaşma etabyndan soňky ýagdaý, epidemiýa bilen bagly görkezijiler başda bolmak bilen Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň Ministrler kabinetiniň agzalaryna koronawirus epidemiýasy bilen bagly maglumat bermegine garaşylýar. 

Fahrettin Koja berjek maglumatynda wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň we görülýän çäreleriň üstünde durup geçmegi meýilleşdirilýär. 

1-nji iýuldan başlap ediljek täze ädimler bilen birlikde ähli kadalaşma etabynyň gözden geçirilmegine we gerek bolan halatynda täze käbir kararlaryň kabul edilmegine garaşylýar. 

Ministrler kabinetiniň mejlisinde şeýle Liwiýa meselesi ara alynyp maslahatlaşylar. 



Degişli Habarlar