Erdogan halkyň ýurda eýe çykmagyny isledi

Prezident R.T.Erdogan halkdan ýeke-täk islegleriniň ýurda eýe çykyp, özlerini goldamaklaryndan ybaratdygyny aýtdy

1445661
Erdogan halkyň ýurda eýe çykmagyny isledi

Prezident Erdogan ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Türkiýäniň esasanda galkynyş tapgyrlarynda hüjümlere sezewar bolandygyny beýan eden Erdogan, halkdan ýeke-täk isleglerinibň şu döwürde düzgünleri berjaý edip, işlerine, önümçiligine, ýurtlaryna eýe çykyp, özlerini goldamaklaryndan ybaratdygyny nygtady.

Erdogan: “İçerde we daşarda bar bolan düşünje Türkiýäniň epidemiýadan soň täzeden şekillenjek dünýäniň ýyldyz ýurtlaryndan biri boljakdygy” diýdi.

Koronawirusa garşy göreşe-de ünsi çeken Erdogan, ölüm we keselli sanlaryny nola düşürmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Epidemiýa garşy iň üstünlikli göreşen ýurtlardan biri hökmünde gazanylanlara eýe çykyljakdygyny aýdan Prezident Erdogan, ykdysady görkezijileriň iýunda aýynda uly ösüşiň edilýändigine ünsi çekýändigini, daşary ýurtlardan hem türk önümlerine bolan islegiň artandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar