Türkiýe Braziliýa maska kömegini berdi

20 müň maska Tide Setubal hassahanasyna gowşuryldy

1444218
Türkiýe Braziliýa maska kömegini berdi

 

Türkiýe, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýäde uly ýitgi çekýän ikinji ýurt bolan Braziliýa maska kömegini berdi.

Türkiýäniň San Paulodaky Başkonsullygyndan berlen ýazmaça beýanata görä, ýurduň söwda merkezi we iň uly şäherlerinden biri bolan San Paulodaky hassahana maska kömegi berildi.

Beýanatda “Kovid-19-a garşy göreşiň we halkara arkalaşygyň çäginde, ýurdumyz Braziliýa goldaw bermäge dowam edýär. Şol çäkde ýurdumyzdan ugradylan 20 müň maska Başkonsullygymyz tarapyndan Tide Setubal hassahanasyna gowşuryldy” diýildi.

Braziliýada epidemiýa sebäpli häzire çenli 54 müň 971 adam ýogaldy, 1 million 228 müň 114 adam hem hasaba alyndy.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #kömek , #maska , #Braziliýa

Degişli Habarlar