Türkiýe Paragwaýa lukmançylyk enjam kömegini ugratdy

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ulanylmagy maksady bilen ugradan lukmançylyk enjam kömegi Paragwaýa baryp ýetdi

1441903
Türkiýe Paragwaýa lukmançylyk enjam kömegini ugratdy

Paragwaýyň Döwlet baştytanynyň aýaly Silwana Abdo, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, 281 müňden gowrak lukmançylyk enjam kömeginiň ýurduna gelendigini habar berdi. 

Abdo, Türkiýä minnetdarlyk bildirip, "Esasan hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogana ýurdumuza ugradan lukmançylyk enjamlary üçin minnetdarlyk bildirýäris" diýip mälim etdi. 

Türkiýe Paragwaýa, Silwana Abdonyň Emine Erdogandan ýurduna epidemiýa garşy göreşde goldaw bermek barada isleg bildireninden soň lukmançylyk enjam kömegini ugradypdy. 

Lukmançylyk enjam kömeginiň arasynda 50 müň sany kombinezon, 30 müň N95 görnüşli maska, 100 müň sany opersiýa maskasy, 2 müň gorag äýnegi we 50 müň sany lukmançylyk galoşy bar. 



Degişli Habarlar