Hakkari welaýatynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Hakkari welaýatynda bir esger serhediň Eýran tarapyndan od açylmagy netijesinde şehit boldy

1442107
Hakkari welaýatynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa serhet zolagynda gözegçilik işleri ýerine ýetirilýän mahaly, serhediň Eýran tarapyndan od açylmagy netijesinde 2 esgeriň ýaralanandygy, şolaryň biriniň alynyp gidilen hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigi we şehit bolandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa batyran bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we eziz milletimize gynanç we sabyr dileýäris, ýaralanan esgerimize bolsa şypa dileýäris" diýip bellendi. 



Degişli Habarlar