Goranmak ministrligi: "6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Twitter hasabyndan beýanat berdi

1441901
Goranmak ministrligi: "6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Yragyň demirgazygyndaky Zap we Awaşin-Basýan sebitlerinde PKK-a agza 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen maglumatda, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýalaryň tutanýerlilik bilen dowam edýändigi aýan edildi. 

Beýanatda Yragyň demirgazygyndaky Zap we Awaşin-Basýan sebitlerinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-a agza 6 terrorçynyň howa hüjümleri bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýleki bir beýanatda bolsa, 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda gol çekişilen Soçi ylalaşygyndan bäri şu günki güne çenli Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-ly 998 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Beýanatda desant güýçleri tarapyndan 10-njy iýunda anyklanan tunel bilen birlikde jemi 161 kilometr uzynlygyndaky 1433 tuneliň ulanyp bolmajak ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #PKK , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar