Izmiriň suw giňişliginde 56 bosgun halas edildi

Halas ediş toparlary çiýşirilen gaýykdaky 56 bosguny kenara çykardylar

1439220
Izmiriň suw giňişliginde 56 bosgun halas edildi

Izmir welaýatynyň Dikili etrabynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 56 bosgun halas edildi. 

Dikili etrabynyň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan yzyna itilen bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumat esasynda Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri şol ýere gönükdirildi. 

Halas ediş toparlary çiýşirilen gaýykdaky 56 bosguny kenara çykardylar. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #bosgun , #Izmir

Degişli Habarlar