Mustafa Şentop “Penje-Gaplan” operasiýasy barada beýanat berdi

"Beýik Biribar, serhetlerimiziň goralmagy we halkymyzyň durnuklylygy üçin göreşýän gahryman esgerlerimizi gorasyn”

1437851
Mustafa Şentop  “Penje-Gaplan” operasiýasy barada beýanat berdi

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Türkiýäniň ýerleşýän sebitinde parahatçylygyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berýändigi sebäpli terrora garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýändigini aýtdy.

Mustafa Şentop Twitterden, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanine guralan “Penje-Gaplan” operasiýasy barada beýanat berdi.

Şentop “Sebitimizde parahatçylygyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýändigi sebäpli terrora garşy tutanýerli göreşimiz dowam edýär. Beýik Biribar, serhetlerimiziň goralmagy we halkymyzyň durnuklylygy üçin göreşýän gahryman esgerlerimizi gorasyn” diýdi.


Etiketkalar: #operasiýa , #Mejlis , #TBMM

Degişli Habarlar