“Howpsyz Syýahatçylyk Şahadatnamalaşdyryş Düzgüni” Halkara Derejesinde Üns Çekýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreş tapgyrynda başladan “Howpsyz Syýahatçylyk Şahadatnamalandyryş Düzgüni” ünsleri özünde jemleýär

1434166
“Howpsyz Syýahatçylyk Şahadatnamalaşdyryş Düzgüni” Halkara Derejesinde Üns Çekýär

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçilerine Türkiýedäki “Syuýahatçylyk Şahadatnamalandyryş Maksatnamasy” hakynda maglumat berdi.

Ministr Ersoý iş ýüzüne geçirilen howpsyz dynç alyş hyzmaty hakynda maglumat bermek üçin ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçikeri bilen wideokonferensiýa usulynda maslahat geçirdi.

Dynç alyşynda Türkiýäni saýlap aljak syýahatçylaryň howa menziline gonan pursatlaryndan başlap berjaý etmeli düzgünleri, uçarda görülen çäreler, myhmanhanalarda peýdalanyljak ulgamlar, test netijesi pozitiw çykan myhmanlar üçin nähili çäreleriň görülendigi, desgalaryň we syýahatçy operatorlaryň şol tapgyrda nähili işlejekdigini ähli detallary bilen gürrüň beren ministr Ersoý, ilçileriň düzgünler baradaky soraglaryna hem giňişleýin jogap berdi.

ÝB-niň Türkiýe toparynyň Başlygy Kristian Berger bilen orunbasary Elefteria Pertzinidunyň gatnaşmagynda geçirilen maslahata ilçileriň derejesinde Şwesiýa, Finlandiýa, Gollandiýa, Belgiýa, Litwa, Awstriýa, Lýuksemburg, Polşa, Sloweniýa, Italiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Daniýa, Germaniýa, Gresiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Estoniýa, Slowakiýa, Irlandiýa we Wengriýa gatnaşdy.



Degişli Habarlar