Fahrettin Koja, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garş alyp barýan göreşi hakynda maglumat berdi

Fahrettin Koja, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Kluge bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi

1434015
Fahrettin Koja, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garş alyp barýan göreşi hakynda maglumat berdi

 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysy Dr. Hans Kluge bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi.

Ministr Koja, Kluge Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garş alyp barýan göreşi hakynda maglumat berdi.

Türkiýäni epidemiýa garşy alyp barýan göreşde gazanan üstünlikleri bilen gutlan Kluge, syýahat çäklendirmesiniň bes edilmeginden soň ilkinji saparyny Türkiýä gurajakdygyny belledi.

Kluge sapary bilen Türkiýä goldaw berýändigini görkezmek isleýändigini nygtady.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysy Dr. Hans Kluge epidemiýa garşy göreşde halkara arkalaşygy we liderligi üçin Prezident R. T. Erdogany we türk halkyny gutlady.

 



Degişli Habarlar