Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 144 müň 598 adama ýetdi

1432713
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 18 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 729 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 37 müň 225 adam testden geçirilip, ýene-de 993 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 3 müň 218 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 144 müň 598 adama ýetdi



Degişli Habarlar