Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekdi

Prezident Erdogan, TRT-ä gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1431942
Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekdi

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-ä gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiniň dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekendigini gürrüň beren Erdogan, “ Koronawirus belasy, hakykatdan hem diňe Türkiýä däl eýsem bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetirdi. ABŞ-nyň, Hytaýyň we Russiýanyň başda durmagynda birnäçe ýurt uly ýitgi çekdi. ABŞ-da 45 million adamyň işsiz galandygy aýdylýar. Türkiýe hudaýa şükür dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýar. Üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 4,5 göterimlik ösüş edildi. Terrora garşy tutanýerli göreşi hem dowam etdirýäris. Saglygy goraýyş taýdan 102 ýurtda lukmançylyk enjamlary kömegini berdik” diýdi.

Türkiýäniň ýerli we milli dem alyş enjamyna bolan talabyň ýokarlandygyny nygtan Erdogan, Kovid-19-a garşy sanjymyň we dermanyň üstünde işlenilýändigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan, saglyk syýahatçylygynyň, epidemiýa sebäpli syýahatçylyk pudagynyň çeken ýitgisiniň öwezini doldurjakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar