“TPAO” Liwiýada nebit gözleg we önümçilik işleri üçin ýüz tutdy

Bu barada Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez mälim etdi

1431806
“TPAO” Liwiýada nebit gözleg we önümçilik işleri üçin ýüz tutdy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez “Türkiýe Nebitleri” paýdarlar jemgyýetiniň Liwiýada nebit gözleg we önümçilik işlerini alyp barmak üçin ýüz tutandygyny aýtdy.

“Liwiýa bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda 7 zolak kesgitledik, 3 töweregi bildiriş tapgyry dowam eder. 3-4 aýyň dowamynda seismiki gözlegleri geçireris. Alynan görkezijiler seljerilenden soň bolsa giňişligi kesgitläris” diýdi.

Ministr Dönmez TRT-de ganaşan ýaýlymynda Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde 6 burawlaýyş işini geçirendigini we “Ýawuz” burawlaýyş gämisiniň Seljuklu-1 giňişliginde 7-nji burawlaýyş işini dowam etdirýändigini aýtdy.

Fatih Dönmez Gündogar Ortaýer deňizinde “TPAO-nyň”  Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan alan ygtyýar giňişligindäki işleriniň ýany bilen Türkiýe Respublikasynyň “TPAO” beren ruhsat zolaklarynda-da burawlaýyş işleriniň geçirilendigini beýan etdi.

“TPAO-nyň” ýakyn sebitde nebit gözleg we önümçilik işlerini alyp barýan ýurda öwrülendigini beýan eden ministr Dönmez, epidemiýadan ozal Alžir bilen hem meýilleşdirilen maksatnamanyň bardygyny we gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Döwlet “TPAO-nyň” çuň deňizlerdäki burawlaýyş ukybyndan peýdalanmak üçin başga ýurtlardan talap bildirilýändigini nygtady.

 



Degişli Habarlar