Çanakkale welaýatynda 36 bosgun halas edildi

Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň Küçükkuýu etrapçasyndaky merkezine getirilen aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan bosgunlara azyk we egin-eşik paýlandy

1431680
Çanakkale welaýatynda 36 bosgun halas edildi

Çanakkale welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen 36 bosgun Türkiýe tarapyndan halas edildi. 

Gresiýanyň Lesbos adasyna geçmäge synanyşan 36 adamdan ybarat bosgunlar topary, Aýwajyk etrabyndan ýola çykdylar. 

Çiýşirilen gaýyklar bilen ýola çykan bosgunlar Gresiýanyň kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan anyklandy. Tapawutly ýurtlaryň raýatlary bolan 36 bosgun ýaňadandan Türkiýäniň suw giňişligine getirilmeginden soň kömek soradylar. 

Uçarmansyz howa ulaglary bilen ýerleriniň anyklanmagyndan soň şol ýere baran Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, Babakale obasynyň suw giňişliginden alan bosgunlaryny kenara çykardylar. 

Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň Küçükkuýu etrapçasyndaky merkezine getirilen aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan bosgunlara azyk we egin-eşik paýlandy. 



Degişli Habarlar