Türkiýede koronawirusy ýeňenleriň sany 131 müň 778 adama ýetdi

Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1429669
Türkiýede koronawirusy ýeňenleriň sany 131 müň 778 adama ýetdi

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 21 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 630 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 54 müň 234 adam testden geçirilip, ýene-de 988 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 926 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 131 müň 778 adama ýetdi.



Degişli Habarlar