Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 125 müň 963 adama ýetdi

Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1425935
Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 125 müň 963 adama ýetdi

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 28 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 489 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 36 müň 155 adam testden geçirilip, ýene-de 1141 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1 müň 594 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 125 müň 963 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar