Türkiýäniň  Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler berýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 124 müň 369 adama ýetdi

1425235
Türkiýäniň  Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler berýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 30 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 461 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 33 müň 559 adam testden geçirilip, ýene-de 1182 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1 müň 576 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 124 müň 369 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar