Türkiýede koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany gün saýyn azalýar

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1423858
Türkiýede koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany gün saýyn azalýar

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 28 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 397 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 19 müň 853 adam testden geçirilip, ýene-de 948 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1 müň 492 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 121 müň 527 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar