Türkiýe Çada lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

Lukmançylyk enjamlary kömeginiň arasynda tiz kömek ulagy hem bar

1423683
Türkiýe Çada lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

Türkiýe, täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde Çada lukmançylyk enjamlary kömegini berdi.

Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunça Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan lukmançylyk enjamlary kömegi, paýtagt Ankaradaky Etimesgut harby howa menzilinden Milli goranmak ministrligine degişli A400 M kysymly ýük uçara ýüklendi.

Lukmançylyk enjamlary kömeginiň arasynda tiz kömek ulagy hem bar.

Çadyň Saglygy goraýyş ministrligi, ýurtda ilkinji koronawirus kesellisiniň 29-njy apelde ýogalandygyny mälim edipdi.

Türkiýe ozal ABŞ, Britaniýa, İspaniýa, İtaliýa we Balkan ýurtlary bilen birlikde birnäçe ýurda lukmançylyk enjamlary kömegini beripdi.

 



Degişli Habarlar