Türk resmiler Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap edýärler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Yslam dünýäsiniň Oraza baýramyny gutlady

1422761
Türk resmiler Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap edýärler

Prezident Erdogan sosial media hasaby Twitterden Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesiniň paýlaşdy.

Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: "Yslam dünýäsiniň we milletimiziň mübärek Oraza baýramyny gutlýarayn, Rebbimden bizi indiki Oraza baýramyna saglyk, durnuklylyk, asudalyk bilen gowuşdyrmagyny dileýärin" diýip belledi. 

Wise-prezident Fuat Oktaý hem Twitter hasabyndan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini paýlaşdy. 

Fuat Oktaý: "Eziz milletimiziň we Yslam dünýäsiniň Oraza baýramyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Baýramyňyz mübärek, her günüňiz baýram bolsun. Oraza baýramynyň öýlerimize, köňüllerimize asudalyk we durnuklylyk, bütin adamzada bolsa salamat getirmegini beýik Alladan dileýärin" diýip belledi. 

Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaş hem koronawirus epidemiýasy sebäpli sosial araçäk şertlerini ýerine ýetirip ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Ahmet Hamdi Akseki metjidinde okalan Oraza baýramy hutbasyny ýerine ýetirdi. 

Ali Erbaş hutbada: "Baýramlar dilleri, jynslary, reňkleri, geografiýalary we medeniýetleri tapawutly bolsada ynanjy, ybadady we dogasy bir bolan musulmanlaryň şol bir duýgulary başyndan geçirýän mübärek günlerdir" diýip nygtady. 

Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren hem çap eden gutlag ýüzlenmesinde daşary ýurtdaky raýatlary we daşary ýurtly talyplary baýramlary bilen gutlady. 

Abdullah Eren, hem epidemiýanyň dowamynda hem-de Orazada Türkiýede bilim alýan daşary ýurtly okuwçylary ýalňyz goýmandyklaryny belläp, olary ähli zerurluklary bilen üpjün edendiklerini we okuw programmalarynyň çäginde hem ýanlarynda bolandyklaryny habar berdi. 

Twitter hasabyndan paýlaşan wideosy bilen türk halkyny Oraza baýramy bilen gutlan Saglygy gorýaýyş ministri Fahrettin Koja bolsa: "Häzirki wagtda başymyzdan geçirip bilmeýän ähli gözellikleri örän ýakyn wagtda ýaşamagymyz dilegi bilen baýramlaryňyzy gutlaýaryn" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar