Prezident R.T.Erdogan Raýatlaryň Oraza Baýramyny Gutlady

Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1422337
Prezident R.T.Erdogan Raýatlaryň Oraza Baýramyny Gutlady

Prezident R.T.Erdogan koronawirus epidemiýasyndan soň syýasy, ykdysady taýdan täzeden şekillenjek dünýäde Türkiýäniň güýjüni, baýglyny, abadançylygyny hasam ýokary göterjekdiklerini beýan etdi.

Erdogan baýramçylyk ýüzlenmesinde: “Epidemiýadan soň syýasy, ykdysady taýdan täzeden şekillenjek dünýäde Türkiýäniň güýjüni, baýlygyny, abadançylygyny hasam ýokary götereris” diýdi.

Prezident Erdogan: “Görülen çäreler bilen raýatlarymyzyň ýekejesiniň hem kynçylyk çekmezligi, ýeter-ýetmezçilige sezewar bolmazlygy üçin döwletiň ähli güýjüni herekete geçirdik” diýip nygtady.

Türkiýe Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Palestina, İordaniýa, Yrak, Ýemen, Müsür, Liwiýa, Liwan, Alžir we Tunis bilen bilelikde 15 ýurt Oraza baýramyny ýekşenbe güni belläp geçer.

24-nji maý ýekşenbe güni başlajak Oraza baýramy 3 gün dowam eder.



Degişli Habarlar