Prezident Erdogan Koronawirus bilen baglanşykly beýanat berdi

Prezident Erdogan, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasy krizisiniň hötdesinden iň az zyýan bilen gelendigini habar berdi

1422050
Prezident Erdogan Koronawirus bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat başlyklarynyň maslahatyndan ozal wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly partiýanyň welaýat başlyklaryna ýüzlenip: "Hüşgär bolmaga dowam ederis. Iň kiçi bir ýalňyş hem epidemiýanyň ýaňadandan ýaýbaňlanmagyna sebäp bolup biler" diýip belledi. 

Erdogan görülen çäreler sebäpli ýüze çykan ykdysady, sosial, ynsanperwer kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy babatynda üstünlikli bir dolanşyk etabyny orta atandyklaryny belläp: "Türkiýe hökmünde diňe öz serhetlerimiziň çäginde bu epidemiýanyň hötdesinden gelmegimiz ýeterlik bolmaz, bilelikde arkaýyn ýagdaýda ýaşamagymyz üçin ýakyn töweregimiz başda bolmak bilen dünýäniň ähli ýerinde epidemiýany täsirsiz ýagdaýa getirmelidiris" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan çykyşynda Türkiýede we dünýäde entek birnäçe mahal gündelik durmuşyň täze şertlere görä boljakdygyny habar berdi. 

Ministrlikleriň we ähli guramadyr-edaralaryň epidemiýa tapgyryny dolandyrmakda uly tagalla edendigini bellän Erdogan: "Maskalaryň ulanylmagy, sosial araçäk, arassaçylyk şertleriniň düzgünleriniň berjaý edilmegi diýip gysgaça aýdyp biljegimiz täze bir düzgüne geçýäris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar