Fahrettin Koja Kovid-19 bilen baglanşykly beýanat berdi

Saglygy goraýyş guramasy Fahrettin Koja, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň halk tarapyndan kabul edilendigini beýan etdi

1420659
Fahrettin Koja Kovid-19 bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş guramasy Fahrettin Koja, Ylmy Geňeşiň maslahatyndan soň metbugata beren beýanatynda, koronawirusa garşy göreşiň ýakyn eýýamdaky iň uly mobilizasiýa boljakdygyny nygtap geçdi. 

"Koronawirusa ýolugan adamlaryň sany gündelik 1 müň adamdan azalanda, bu peseliş gutarnykly üstünligiň yşaraty bolar" diýen Koja, baýram günlerinde öňüni alyş çärelere gulak asylan halatynda, baýramdan soň has azat bolunjakdygyny habar berdi. 

Wirusa garşy göreşiň entek näçe dowam etjekdiklerini bilmeýändikleri üçin gündelik durmuşy täzeden meýilleşdirýändiklerini aýdan Koja: "Howp entegem bar. Wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň azalmagy kepillik däldir. Köçä maskasyz çykmaly däl, sosial araçäk düzgünleri berjaý edilmeli. Göreşiň birinji eýýamynyň hötdesinden geldik, bu eýýamyň hem hötdesinden geljekdigimize ynanýaryn" diýip nygtady. 

Ertirden başlap iş ýerlerinde, ol iş ýerinde ýerine ýetirilmeli şertleri görkezýän düzgünnamalaryň boljakdygyny aýdan Koja, adamlaryň howp emele getirmeýändigini, keselli ýa-da ozal kesel geçiren bolmandygyny "Hayat Eve Sığar" atly ykjam telefon programmalarynyň üsti görüp boljakdygyny we programmadan alynjak kod bilen syýahat edip biljekdiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar