"Yşygymyz, umydymyz, geljegimiz bolan söýgüli ýaşlar”

Prezident Erdogan, 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

1419658
"Yşygymyz, umydymyz, geljegimiz bolan söýgüli ýaşlar”

 

Prezident R. T. Erdogan, 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

Ýüzlenmesine “Yşygymyz, umydymyz, geljegimiz bolan söýgüli ýaşlar” diýip başlan Erdogan, 19-njy maýda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň Samsuna barmagy bilen başlan, Amasýadan, Erzurumdan we Siwasdan ýurduň çar tarapyna ýaýran Milli Azat edijilik söweşinde gazanan ýeňişiň ruhuny we joşgunyny, şu günki ýaşlaryň gözlerinde görýändigini nygtady.

Garaşsyzlyk söweşiniň dowamynda, taryha gömülmek islenen eziz halkyň batyrgaýlyk, gujur-gaýrat we uly ynanç bilen ýörän ýolunda, ähli kynçylygyň hötdesinden gelendigini, watany ugruna janyny pidä edip watanyna we baýdagyna abanýan ähli howplary ortadan aýyrandygyny nygtan Erdogan “Azatlygymyzyň, özbaşdaklygymyzyň we respublikamyzyň kepilnamasy bolan eziz Türk ýaşlary…Şu günki günde biz, siziň has eşretli we asuda durmuşda ýaşamagyňyz üçin işleýäris. Sizden hem gahryman ata-babalarymyzyň amanady bolan watanymyzy we baýdagymyzy gorap saklap, şol belent gymmatlygy geljek nesillere ýetirmegiňize garaşýarys. Siziň jogapkärçilikli hereket edip has köp işlejekdigiňize we Respublikamyza eýe çykjakdyňyza tüýs ýürekden ynanýaryn” diýdi.

Ýaşlaryň we türk halkynyň 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramyny gutlan Prezident Erdogan, Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň başda durmagynda Milli Azat edijilik söweşiniň ähli gahrymanlaryny hormat bilen hatyralady.



Degişli Habarlar