Erdogan: "Ýaşlar ähli ugurlar boýunça ýurdumyzyň ýoluny ýagtylandyrýar" diýdi

Prezident Erdogan, Türkiýede ýaşlaryň indi durmuşyň ähli ugurlary boýunça ýurdyň ýoluny ýagtylandyrýandygyny belledi

1419978
Erdogan: "Ýaşlar ähli ugurlar boýunça ýurdumyzyň ýoluny ýagtylandyrýar" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep taýýip Erdogan, göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli geçirilen gepleşikde ýaşlara ýüzlenip çykyş etdi. 

Bular ýaly çuň manysy bolan bir günüň ýaşlara peşgeş berilmeginiň asla tötänlik däldigini aýdan Erdogan: "19-njy maý taryhy şöhratly ýeňişlerimiz we göreşlerimiz bilen doly milletimiz üçin buýsanç çeşmesi, ýaşlarymyz üçin bolsa bir ylham çeşmesidir" diýip belledi. 

Türkiýede ýaşlaryň indi durmuşyň ähli ugurlary boýunça ýurdyň ýoluny ýagtylandyrýandygyny aýdan Erdogan: "Ýa özbaşdaklyk ýa ölüm şygary bilen çykan bu ýolagçylygymzda ähli päsgelçiliklere, öjükdirmelere we dönükliklere garamazdan tutanýerlilik bilen ýöreýäris" diýip belledi. 

Erdogan: "Eýýäm 18 ýyl bäri özüni ynamly, milli düşünjä we häsýete eýe, hünärli ýaş nesilleri ýetişdirmek üçin gijämizi gündüz diýmän zähmet çekýäris" diýip nygtady. 

Mustafa Kemal Atatürkiň 1919-njy ýylda Samsuna çykyp, Alýansa agza döwletleriň basyp alyjylygyna garşy Milli Azat edijilik söweşini başladan 19-njy maý güni Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy hökmünde Türkiýede we DKTR-de resmi baýram hökmünde bellenilip geçilýär. 


Etiketkalar: #19-njy maý , #baýram , #Erdogan

Degişli Habarlar