Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1415826
Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terrorçylaryň Parahatçylyk çeşmesi sebitine girmäge synanyşandygy mälim edildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Desant güýçlerimiz terror guramasynyň aksiýalar geçirmegine rugsat bermeýär. Durnuklylygy we asudalygy bozmak üçin Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar