Erdogan Putini Ýeňiş baýramy bilen gutlady

Prezident Erdogan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Putine 9-njy Maý Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag hatyny ugratdy

1414070
Erdogan Putini Ýeňiş baýramy bilen gutlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan paýlaşylan gutlag hatda: "Hormatly Döwlet baştutany, gadyrly Dostym, 9-njy maý Ýeňiş baýramynyň 75 ýyllygy mynasybetli sizi tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Adamzada uly gam-gussalar getiren we millionlarça adamyň ýogalmagyna sebäp bolan II Jahan urşynyň tamamlanmagyny aňladýan günleriň biri bolan bu şanly waka, halkara parahatçylygyň gadyryny has gowy ýagdaýda ýatlamagymyza ýardam berýär. Türkiýäniň we Russiýanyň soňky wagtlarda esasan hem sebitleýin parahatçylygyň we asudalygyň goralmagy üçin sarp edýän umumy tagallalarynyň ähmiýetini, bu pursatdan peýdalanyp ýene-de bir gezek nygtap geçmek isleýärin" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan gutlag hatynda: "Şu pursatdan peýdalanyp bütin adamzada täsir ýetiren koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiňizde türk halkynyň jebislik duýgularyny ýetirýärin, Siziň Alyhezretiňize we dostlukly Russiýanyň halkyna durnuklylyk dileýärin" diýip belledi.


Etiketkalar: #gutlag , #Putin , #Erdogan

Degişli Habarlar