Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Indoneziýada ýoksul maşgalalara azyk kömegini berdi

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti İndoneziýa azyk kömegini berdi

1413023
Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Indoneziýada ýoksul maşgalalara azyk kömegini berdi

Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti Remezan ýardamy maksatnamasynyň çäginde Sulawesi we Sumatra adalarynda 2,300 azyk gutusyny ýetirdi.

 Şol sanda Sumatra adasynda 300 adama agzaçar berdi.

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Sulawesi adasnda bolan ýer titremesinden soň ýüze çykan gumantar çökgünligiň ortadan aýrylmagy we durmuş şertleriniň kadalaşmagy üçin sebitiň halkyna kömek bermäge dowam edýär.

Jemgyýet şol çäkde sebitde iş ýüzüne geçirilýän jemi 12 ynsanperwer kömek taslamasyny alyp barýar.

Sulawei adasynda 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Palu aýlagynda bolan 7,5 bala barabar ýer titremesinde we emele gelen sunamide 4,340 adam pida bolupdy.



Degişli Habarlar