Türkiýede wirusy ýeňenleriň sanynyň has ýokarydygy ünsleri özüne çekýär

Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 6,91 göterime aşaklady, şol san Türkiýede bolsa 2,7 göterime çenli azaldy

1412703
Türkiýede wirusy ýeňenleriň sanynyň has ýokarydygy ünsleri özüne çekýär

Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň we sagalan kesellileriň sany taýdan deňeşdirilende Türkiýede wirusy ýeňenleriň sanynyň has ýokarydygy ünsleri özüne çekýär.

Türkiýede bejergi alýanlaryň sany 6-njy maýda 36,95 göterime çenli aşaklady, sagalanlaryň sany bolsa 59,36 göterime çenli ýokarlady.

Türkiýede koronawirus ýolugan kesellileriň 0,97 göterimi hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde bejergi alýan bolsa şol san dünýäde 1,29 göterim.

Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 6,91 göterime aşaklady, şol san Türkiýede bolsa 2,7 göterime çenli azaldy.



Degişli Habarlar