Adyýaman welaýatynda PKK-a agza üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi.

Türkiýäniň Adyýaman welaýatynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde welaýat Žandarmda güýçleriniň Ýöriteleşdirilen toparlary tarapyndan, Adyýaman welaýatynyň obalyk ýerlerinde howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi.
Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Hakurk, Zap we Haftanin sebitlerine garşy guralan howa hüjümlerinde PKK-a agza 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.
Beýleki tarapdan bolsa Milli Goranmak ministrligi Siriýada Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy sebitine hüjüm guramak üçin taýarlanylanylandygy anyklanan PKK/ÝPG-e agza terrorçylara degişli ok-däriniň ele salynandygyny mälim etdi.
Düýn Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynda täsirsiz ýagdaýa getirilen 3 terrorçynyň biriniň Terror sanawynyň çal kategoriýasynda ady bolan, Agry Dagy toparynyň jogapkäri Piro Serhat adyny ulanýan Özer Inje bolandygy anyklandy.