Agry welaýatynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynda terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan terrorçylara garşy geçirilen operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1411709
Agry welaýatynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde, Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynda welaýat Žandarma serkerdeligine degişli desant güýçler tarapyndan terrorçylykly aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylara garşy geçirilen operasiýada, täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 3-e ýetendigi mälim edildi. 

Beýanatda, täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň ýanynda atmaga taýar ýagdaýa getirilip goýulan 2 granatamýot bilen ok-därileriň ele salynandygy we sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi. 

Içeri işler ministrligi düýn beren beýanatynda Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynda geçirilen operasiýada 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edipdi. 

Tunjeli welaýatynyň Owajyketrabynda geçirilen operasiýada hem PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Sebitde operasiýalar dowam edýär. 


Etiketkalar: #terrorçy , #Dogubaýazit , #Agry

Degişli Habarlar