Terror guramasy DAIŞ-e agyr zarba uruldy

Terror guramasy DAİŞ-e garşo ýylyň 4 aýynda geçirilen operasiýalarda guramanyň ýolbaçylary diýilýänler bilen bilelikde 254 adam ele salyndy

1410467
Terror guramasy DAIŞ-e agyr zarba uruldy

DAIŞ-e garşy üstünlikli operasiýalar bilen kanagatlanma döredýäň Türkiýe terror guramasyna garşy köpugurly göreş alyp baryp, agyr zarba urdy.

Howpsyzlyk güýçleri yzgiderli üstünlikli operasiýalary bilen Stambul we Ankara ýaly esasy şäherlerde aksiýa guramagy meýilleşdirýän terrorçylaryň tamasyny puja çykardy.

Şol çäkde ýanwar-aprel aýlarynyň aralygyndaky döwürde polis, žandarm we serhetçi güýçleriň alyp baran işlerinde terror guramasy DAIŞ-e ýokary derejeli ýolbaçysy daşary ýurtlular bilen bilelikde 354 adamy saklady. Gurama degişli köp sanly resminama, ýarag we ok-däri ele salyndy.

Saklananlardan 76 sanysy tussag edildi, käbirleri ýurtdan çykaryldy, käbirleriniň kazyýetdäki işleri dowam edýär.

Köp sanly DAIŞ terrorçysy bolsa azatlykdan mahrum edildi.



Degişli Habarlar