Türkiýeden ABŞ-na ugradylan 2-nji lukmançylyk enjamlary kömegi Waşingtona bardy

Türkiýe, täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde şu günki güne çenli 55 ýurda lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

1409192
Türkiýeden ABŞ-na ugradylan 2-nji lukmançylyk enjamlary kömegi Waşingtona bardy

 

Türkiýeden ABŞ-na ugradylan 2-nji lukmançylyk enjamlary kömegini alyp giden harby ýük uçary paýtagt Waşingtona bardy.

Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunça ugradylan lukmançylyk enjamlary kömegini alyp giden Türk Ýaragly güýçlerine degişli J-130 kysymly harby ýük uçary ýerli wagt boýunça 16.20-de paýtagt Waşingtonyň golaýyndaky harby howa menziline gondy.

Sişenbe güni ugradylan ilkinji uçardaky ýaly, bu gutularda hem maska we goraýjy serişdeler ýaly lukmançylyk enjamlary bar.

Türkiýe, täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde şu günki güne çenli 55 ýurda lukmançylyk enjamlary kömegini berdi.

 



Degişli Habarlar