Türkiýäniň, Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleri maslahat geçirdi

"Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ýetilen sebit hakynda pikir alyşdyk”

1407659
Türkiýäniň, Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleri maslahat geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, täze görnüş koronawirus sebäpli düýn Türkiýäniň, Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda wideo konferensiýa arkaly geçirlen maslahatdan soň beýanat berdi.

Mewlüt Çawuşoğlu beýanatynda “Türkiýäniň, Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda wideo konferensiýa arkaly geçirlen maslahatda, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ýetilen sebit, görüljek çäreler we NATO-nyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Türkiýäniň, Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda 2016-njy ýyldan bäri her ýyl yzygiderli ýagdaýda üç taraplaýyn maslahat geçirilýär.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Çawuşoglu düýn, Kowid-19-a garşy göreşde arkalaşygy artdyrmak maksady bilen G-20-niň çäginde döredilen Halkara utgaşyklyk toparynyň telekonferensiýa arkaly geçirlen 7-nji maslahatyna hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar